Türkmen resmileri SPEKA-nyň işini kämilleşdirmek boýunça mejlise gatnaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen resmileri SPEKA-nyň işini kämilleşdirmek boýunça mejlise gatnaşdylar
Türkmenistanyň SPECA ýurtlary bilen haryt dolanşygy 2019-njy ýylda 1,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow anna güni onlaýn görnüşinde geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýeti üçin Ýörite Maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryjy geňeşiniň XV mejlisiniň işine gatnaşdy. Bu barada Ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, geňeşiň dowamynda oňa gatnaşyjylar SPEKA-nyň işini kämilleşdirmek we COVID-19 pandemiýasyndan soň sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministr M.Serdarowyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen SPEKA ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk has-da ýygjamlaşdy. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň SPEKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 1 milliard 143,3 million amerikan dollaryna deň bolan bolsa, 2019-njy ýylda bu görkeziji 22% ýokarlanyp, 1,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň SPEKA ýurtlary bilen haryt dolanşygy pandemiýa sebäpli geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8% peselip, 921,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Degişli döwürde özara amala aşyrylan söwdanyň aglaba bölegi Owganystanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň paýyna düşýär.

Dolandyryjy geňeşiniň işiniň netijeleri boýunça SPEKA agza ýurtlarynyň wekiliýetleri tarapyndan degişli çözgütler kabul edildi.

2022