Türkmenistanyň guşçulyk pudagynda hususy guş iýmini öndürijileriň sany artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň guşçulyk pudagynda hususy guş iýmini öndürijileriň sany artýar
“Atamyrat Aly” daýhan hojalygy şu ýyl 5 gektar ýerden mekgejöweniň bol hasylyny ýygnady.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ýerleşýän “Atamyrat Aly” daýhan hojalygy her gije-gündizde 10 tonna çenli guş iýmini öndürýär. Şu ýyl daýhan hojalygynyň hünärmenleri 5 gektar ýerden mekgejöweniň bol hasylyny aldylar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda hojalygyň ýylda 7 million jüýje çykarmaga niýetlenen inkubatorynyň gurluşygy hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Hojalykda döwrebap ketekleriň 2-si bolup, häzir 50 müň jüýjä ideg edilýär.

Şeýle-de Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäklerinde ýerleşýän “Miras” hususy kärhanasy hem guş iým önümçiligini alyp barýar. Kärhanada oturdylan Ýewropa döwletleriniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary sagatda 10 tonna guş iýmini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda bu ýerde bugdaý, mekgejöwen, jöwen, soýa, günebakar künjarasy, ösümlik ýagy, duz, dürli witaminlerdir minerallar garylan guş iýminiň 4 görnüşi öndürilip, geljekde onuň görnüşlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çägindäki sagatda 10 tonna iým öndürýän zawodynda-da işler gowşamaýan depginde alnyp barylýar. Guşlar üçin ýörite granula görnüşli iými öndürýän zawodyň ýyllyk kuwwatlylygy 72 müň tonna barabardyr.

Geçen sişenbe güni Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir tapgyrda 115 müň 500 broýler towuklaryny ýetişdirip, ýylda 720 tonna guş etini öndürmäge mümkinçilik berýän döwrebap guşçulyk toplumy açylyp, ulanmaga berildi. Şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze guş toplumlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar.