Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Malaýziýanyň Daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýniň arasynda sişenbe güni onlaýn gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika hem-de ynsanperwerlik ulgamlaryndaky köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklaryň has hem ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirildi.
Şeýle-de diplomatlar bilelikde durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan nebitgaz ulgamyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Şonuň ýaly-da taraplaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ulgamlaryndaky gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ynsanperwerlik ugry aýratyn bellenilip geçildi. Çünki taraplaryň bilim, ylym we medeniýet, şeýle hem saglygy goraýyş pudaklary boýunça netijeli özara hereketleriniň çuňlaşdyrylmagy üçin ähmiýetli tejribeleri hem-de giň mümkinçilikleri bardyr.
Özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine itergi berjek bilelikdäki çäreleriň geçirilmek maksady bilen iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň özarahereketleriniň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy aýratyn bellenilip geçildi.