Mary welaýatynyň Murgap etrabynda ýerleşýän “Täze aý” hususy kärhanasy şu ýylyň oktýabr aýynda Hytaýa 100 tonna golaý doňdurma eksport etdi. Geljekde kärhana bu ýurda eksportyň möçberini artdyrmagy hem meýilleşdirýär.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada oturdylan Germaniýanyň, Hytaýyň we Türkiýäniň döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlary türkmen bazaryna we daşary ýurt bazarlaryna ýylda 10 müň tonna çenli taýýar önüm ibermäge mümkinçilik berýär.
Bellenilişi ýaly, bu umumy möçberiň dört müň tonnasyny doňdurma düzýär. Kärhanada doňdurmanyň 40-a golaý görnüşi öndürilýär.
Şeýle-de kärhanada 2017-nji ýylda konditer önümleriniň önümçiligine badalga berildi. Bu ýerde dürli kökeleriň, keksleriň we waflileriň 100 töweregi görnüşi öndürilýär.
Kärhanada “Täze aý” haryt nyşanly “Köke paý” kökeleri, “Dide”, “Belle”, “Top” keksleri, “Sarwan”, “Bagla” waflileri, şekerli hem-de petir kökeleri öndürilýär. Şeýle-de bu ýerde geljekde süýji we şokolad önümleriniň birnäçe görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär.
2004-nji ýylda esaslandyrylan “Täze aý” hususy kärhanasynda häzirki wagtda 1705 hünärmen zähmet çekýär.