“Aýna gap” her günde 15 müň polipropilen haltasyny öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Aýna gap” her günde 15 müň polipropilen haltasyny öndürýär
Kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda bir tonna golaý polipropilen gaýtadan işlenilip, 10-15 müň halta dokalýar.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän telekeçi Jumamyrat Kerimowyň “Aýna gap” hususy kärhanasynda bir gije-gündiziň dowamynda bir tonna golaý polipropilen gaýtadan işlenilip, 10-15 müň halta dokalýar.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, önümçilikde polipropilen önümi ýörite peçiň üsti bilen eredilip, klýonka görnüşine getirilýär. Soňra ýörite ölçegde kesiji daraklar bilen kesilip, ýüplük görnüşine getirilýär, we şol ýüplüklerden halta dokalýar.

Bellenilişi ýaly, taýyn haltalar ammarlara ýerleşdirilýär we sargytçylara ugradylýar. Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär.

Mundan başga-da, kärhana 2015-nji ýyldan bäri miwe suwlaryny, şire-şerbet, mürepbe ýaly önümleri gaplap gelýär. Häzirki wagtda kärhanada 25-den gowrak hünärmen zähmet çekip, iş iki çalşykda alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022