“Türkmengaz” tebigy gazdan alynýan önümleriň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” tebigy gazdan alynýan önümleriň önümçiligini artdyrýar
Şu ýylyň on aýynda “Türkmengaz” döwlet konserni polietileniň we polipropileniň önümçiligi degişlilikde 142.2% hem-de 122.7% ýokarlandyrdy.

“Türkmengaz” döwlet konserni şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda benziniň önümçiligini geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende 3 esse artdyrdy.

“ORIENT.tm” habar agentliginiň anna güni habar berşi ýaly, konsern boýunça polietileniň we polipropileniň önümçiligi degişlilikde 142.2% hem-de 122.7% ýokarlandy. Dünýäde uly islege eýe bolan bu önümleriň önümçiligi şol sanda ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ýerleşýän Gyýanly polimer zawodynda alnyp barylýar.

Mundan başga-da, şu ýylyň on aýynda “Türkmengaz” döwlet konserni suwuklandyrylan gazyň önümçiligini 17.4%, şeýle hem kükürtiň önümçiligini 0.3% ýokarlandyrdy. Bu önümler Ahal welaýatynda ýerleşýän gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümçiliginde goşmaça önümler bolup durýar.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurduň gaz gorlary 50 trillion kubmetrden gowrak möçberde bahalandyrylýar.

2022