Marketingde mahabatyň orny

BIZNES TÜRKMENISTAN
Marketingde mahabatyň orny
Mahabat bazar gatnaşyklaryndaky ykdysady giňişlikde ornuňy tapmagyň esasy gurallarynyň biridir.

Mahabat marketingde esasy üns berilmeli ugurlaryň biridir. Mahabat bu islendik görnüşde näbelli adamlar toparyna gönükdirilen we mahabatlandyrylan obýekte ünsi çekmek, oňa gyzyklanma döretmek ýa-da bazara çykarmak maksady bilen, ýaýradylýan maglumatlardyr. Has dogrusy, mahabaty satuwy amala aşyrmaga kömek edýän marketing usullarynyň biri diýip atlandyrmak bolar. Uly kärhanalarda önümçiligi höweslendirmek, satuwy ösüş ýolunda dolandyrmak üçin mahabat hünärmenleri zähmet çekýär. Olar kompaniýada mahabat býujetini döretmek, harçlamak satuwyň sany barada meselelere garaýar. Bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda dizaýnerler alyjylara täsir etjek markalary işläp düzýärler. Mahabat bolmasa, marketing uzak dowam edip bilmeýär. Başgaça aýdylanda bolsa, mahabat bazar gatnaşyklaryndaky ykdysady giňişlikde ornuňy tapmagyň esasy gurallarynyň biridir.

Mahabatyň ählumumy strategiki maksady, telekeçiniň halka hödürleýän hyzmatlaryna ünsi çekmekden, marketing aragatnaşygyny ýola goýmakdan ybaratdyr. Marketing boýunça tejribeleriň netijesinde mahabatyň esasy maksatlaryny şeýle kesgitlemek bolar:

Maglumat bermek

Bu mahabatyň obýekti barada müşderiler toparyny habarly etmek we gyzyklanma döretmek bolup durýar. Bazar gatnaşyklarynda täze önümleriň, hyzmatlaryň, pikirleriň peýda bolmagy barada sarp edijilere habar bermek üçin ulanylýar. Göz öňünde tutulýan ýagdaýda harydy bazara çykarmak we köpçülikleýin sarp edijileri gözlemek bolup durýar. Önümçiligiň ilkinji ädimlerinde mahabatyň ulanylmagy harydyň tiz satuwyna we bahalandyrylmagyna oňyn täsir edýär.

Ynandyrmak

Kärhananyň önümçiligini ileri äkitmek üçin, beýleki önümlerden we hyzmatlardan artykmaçlygyna ynandyrmak zerur şertleriň biridir. Subýekt tarapyndan işler üstünlikli amala aşyrylanda hyzmatyň, harydyň yzygiderli dolandyrylmagy üçin müşderini ugurdaş önümleriň içinde öz önümini saýlap almaga yrýar.

Harytlaryň satuwyny köpeltmek

Mahabatyň esasy maksatlarynyň biri bolup, alyjylaryň ýygy-ýygydan satyn almak hereketini işjeňleşdirmek bolup durýar. Netijede, önümleriň sarp edijiler üçin satuw nokatlaryny artdyrmak, ykdysady giňişlikde erkin hereket etmegi göz öňünde tutýar.

Müşderileriň islegini artdyrmak

Mahabat edilýän önüme bolan satyn alma isleginiň artmagy öndürilýän önümi satjaklaryň, şol markadaky önümleri satmak isleýän distribýutorlaryň hem artmagyna täsir edýär.

Adamlary marka baglamak

Önüm ýa-da hyzmat üçin döredilen şowly marka uzak wagtlap müşderilerini özüne baglaýar. Şol markadaky önümlere ynanyp boljakdygyny ýatladyp, kärhananyň abraýyny goraýar. Haryt nyşanynyň, onuň logasynyň tanalmagyny ýola goýýar.

Meşhur etmek

Mahabatyň möhüm maksatlarynyň biri hem kärhananyň meşhurlygyny artdyryp, kärhananyň geljekki meýilnamasyndaky ugurdaş we ugurdaş däl önümleri öndürmekde müşderileriň ynamyna ýol açýar.

Çeşme: “Biznes reklama” gazeti, 30.11.2020

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022