Owganystanyň Hyrat welaýatynda 2021-nji ýylda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň Hyrat welaýatynda 2021-nji ýylda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy başlar
Taslama gatnaşýan döwlet edaralarynyň hem-de degişli halkara guramalarynyň arasynda netijeli özarä hyzmatdaşlyk mehanizmi döredildi.

Owganystanyň Hyrat welaýatynyň çäginde 2021-nji ýylda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berler diyip, Owganystanyň Magdanlar we nebit senagaty ministri Garun Çahansuri geçen hepde metbugat maslahatyň barşynda aýtdy. Bu barada owgan habar beriş serişdelerine salgylanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti habar berýär.

Garun Çahansuriniň aýtmagyna görä, taslama gatnaşýan döwlet edaralarynyň hem-de degişli halkara guramalarynyň arasynda netijeli özarä hyzmatdaşlyk mehanizmi döredildi.

Ministr Çahansuri maslahatyň dowamynda owgan hökümetiniň ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Şibargan-Mazari-Şerif gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça hem işleri geçirilýändigini habar berdi. Bu gaz geçirijiniň uzynlygy 94,5 km deň bolar we gurluşyk işleri geljekki üç aýyň dowamynda başlanar.

Noýabr aýynda Ženewada onlaýn görnüşinde geçirilen Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen tarapynyň şu ýyl öz çäginde TOPH-nyň gurluşygyny tamamlamagy, geljek ýylda bolsa Owganystanyň çäginde gurluşyga başlamagy meýilleşdirilýändigini belledi.