Balkanda gipsokarton önümçilik zawody ulanylmaga berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanda gipsokarton önümçilik zawody ulanylmaga berildi
Kärhana ýyllyk kuwwaty 4 mln inedördül metr gipsokarton we 5 müň tonna gury gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň günbatar sebitiniň Türkmenbaşy etrabynda sişenbe güni bina gurluşyk serişdelerini we gipsokartony öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça Akdaş şäherçesinde ýerleşýän täze kärhanany “Ak gaýa” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri gurdular.

Kärhana ýyllyk kuwwaty 4 mln inedördül metr gipsokarton we 5 müň tonna gury gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenendir. Bu önümleriň esasy çig maly hökmünde kärhananyň golaýynda ýerleşýän känden gazylyp alynýan kalsit ulanylýar. Zawodda Türkiýäniň, Ispaniýanyň hem-de Hytaýyň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary we tehnikalary ornaşdyryldy.

Önümçilik ulgamy doly awtomatlaşdyrylyp, operator tarapyndan dolandyrylýar. Zawodyň çäginde önümiň hilini barlaýan barlaghana, kompressor gurnamasy, transformator podstansiýasy, taýýar önümleri gaplaýan bölüm, olary saklamaga niýetlenen ammar bar. Bu ýerde onlarça täze iş orunlary döredildi.

“Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda gipsokarton listleriniň synag üçin niýetlenen tapgyryny çykardy. “Ak Gaýa” ürgün gurluşyk materiallaryny gruntlamak we gutarnykly işlemek üçin niýetlenen şpaklýowkalaryň öndürijisi hökmünde giňden tanalýar.

2022