Türkmenistanda at çapyşyklara totalizator goýumlary girizmek meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda at çapyşyklara totalizator goýumlary girizmek meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti atly sport bäsleşikleriniň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin zerur işleri geçirmegi we bu ugurda daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda geçirilýän at çapyşyklarynyň täze möwsümlerinde janköýerleri höweslendirmek üçin totalizator goýumlary ulanmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda degişli ýolbaşçylara bu babatda tabşyryklary berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Milli Liderimiz atly sport bäsleşikleriniň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin zerur işleri geçirmegi, bu ugurda daşary ýurt döwletleriniň tejribelerini öwrenmegi hem-de ýaş hünärmenleri höweslendirmegi tabşyrdy.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, atçylyk sport toplumlarynyň talaba laýyk saklanylmagyny, olarda bejeriş we abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, bu toplumlaryň gazanýan girdejilerini artdyrmak, goşmaça mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin seljermeleri geçirip, degişli teklipleri taýýarlamaly.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda halkymyz tarapyndan at çapyşyklaryna bildirilýän uly gyzyklanmadan ugur alyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly totalizator goýumlaryny ulanmagyň hem maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Munuň özi ahalteke bedewleriniň daşary ýurtlardaky köpsanly muşdaklarynyň barha artmagyna, olaryň türkmen atçylyk sportuna bolan ünsüniň ýokarlanmagyna, türkmen janköýerleriniň at çapyşyklara höweslenmeleriniň has-da artmagyna ýardam berer diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugra degişli tabşyryklary berdi.

2022