Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belledi
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Şenbe güni Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belledi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň täze taryhynyň ägirt uly ösüşleriniň nyşany bolan belent başly Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Şeýle-de şol gün paýtagtda döwlet baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň ähmiýeti” ady bilen halkara maslahat geçirildi. Forum Türkmenistanyň baky Bitaraplyk baýramynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.  

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň öň ýanynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýaýbaňlandyrylan halkara serginiň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Onda Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 12 günüň dowamynda ýurduň ähli pudaklary öz üstünliklerini görkezdi.

Halkara sergä döwlet edaralary, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gatnaşdy. Serginiň çäklerinde köp sanly işewür çäreleri, tanyşdyryşlar, gepleşikler geçirildi. Ýurduň ministrlikleriniň we beýleki guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş daşary ýurtly düzümleriň, kompaniýalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek çäresi geçirildi.

Serginiň soňky güni TDH Döwlet habarlar gullugynyň we Russiýanyň TASS Döwlet maglumat gullugynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikde gulluklaryň ýolbaşçylary resminama öz gollaryny çekdiler. 

Maslahatyň dabaraly mejlisini açyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara giriş sözi bilen ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen ykrar edilen we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamasy bilen tassyklanan baky Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, nygtady.

Halkara maslahatyň dabaraly mejlisinde ýygnananlary mähirli mübärekläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şanly foruma gatnaşýandyklary, onuň köpugurly gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öz çemeleşmeleri, teklipleri we pikirleri bilen paýlaşmaga taýýardyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Soňra forumda abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň maslahatyň gatnaşyjylaryna wideoýüzlenmeleri diňlenildi. Maslahaty dowam etmek bilen, türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa Germana söz berdi.

Maslahaty jemläp Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, türkmen halkynyň adyna aýdylan mähirli sözler, halkara giňişlikde başlangyçlarymyza berilýän ýokary baha üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Baky bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahat günüň ikinji ýarymynda plenar mejlisler görnüşinde öz işine dowam etdi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri Diýarymyzyň ähli sebitlerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Dabaralar türkmen paýtagtynyň asmanyny bezän öwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy.

2022