"Rysgal" banky Owerdraft hyzmatyny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
"Rysgal" banky Owerdraft hyzmatyny hödürleýär
Degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, karzy ulanmak mümkinçiligi döreýär.

"Rysgal" paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileriniň aýlyk zähmet hakynyň 50 göterimi möçberinde "Owerdraft karty" arkaly gysga möhletli karzlaryny hödürleýär.

"Rysgal" gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, karzyň möhleti 6 aýa çenli möhlet we ýyllyk 12 göterim bilen berilýär.

Şunda müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda, bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de, degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan, karzy ulanmak mümkinçiligi döreýär.

"Rysgal" banky häzirki wagtda Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek ugrunda hem uly işleri durmuşa geçirýär. Bu babatda "Rysgal" PTB ýurtda bank ulgamynyň arasynda ilkinji bolup, Internet arkaly menzilara tölegleri geçirmek üçin “Internet-banking” ulgamyny we QR-kod arkaly tölegleriň çalt hasaplaşylýan ulgamyny işe girizdi.

2022