Türkmenistan we ÝTÖB hyzmatdaşlygy giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ÝTÖB hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ÝTÖB-niň Iş meýilnamasyny işläp düzmek barada teklip berdiler.

Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Tükmenoglu bilen geçirilen duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, duşuşyga ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, Merkezi bankynyň hem-de Daşary ykdysady bankynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň wekilleri özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda ÝTÖB-niň Iş meýilnamasyny ýa-da “ýol kartasyny” işläp düzmek barada teklip berdiler. Onda hyzmatdaşlygyň ugurlary hem-de garaşylýan netijeler belleniler.

Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu öz gezeginde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri bilen hyzmatdaşlyga hem kanagatlanma bildirdi, şonuň netijesinde TSTB-niň kiçi we orta telekeçiliginiň taslamalarynyň birnäçesi maliýeleşdirildi. Şunuň bilen birlikde, ol ÝTÖB-niň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen işlemegi dowam edip, maliýe hem-de maslahat beriş hyzmatlary arkaly telekeçiligiň ösmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Kiçi we orta telekeçiligiň uly mümkinçilikleri ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň, ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän köp sarp edilýän harytlaryň eksportyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ynanyşmak hem-de özara bähbitli ýörelgeler esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp düzmäge taýýardyklaryny tassykladylar.