Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň wezipeli zenanlarynyň Dialogy boýunça mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň wezipeli zenanlarynyň Dialogy boýunça mejlisine gatnaşdy
Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: “UzDaily”)

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa çarşenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji mejlisine gatnaşdy. Mejlis wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German mejlisi açyp, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen täze taslamanyň möhümdigini nygtadylar.

Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, onlaýn mejlisiň dowamynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini” iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” diýen gün tertibi baradaky meselelere aýratyn üns berildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl parahatçylygy üpjün etmekde we goldamakda zenanlaryň eýeleýän möhüm orny ilkinji gezek berkidilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararnamasynyň kabul edilen gününe 20 ýyl hem-de “BMG-zenanlar” düzüminiň döredilen gününe 10 ýyl doldy.

2022