Türkmenistanda Identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň taslamasy hödürlendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň taslamasy hödürlendi
Identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamy maglumat giňişligine gatnaşyjylaryň döwlet elektron serişdelerine ygtyýarlandyrylan elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer.

Türkmenistanda penşenbe güni sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara iş toparynyň onlaýn görnüşinde ikinji mejlisi geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň işine onlarça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, banklaryň, beýleki edara kärhanalaryň wekilleri, IT-meýdançalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň Düzgünnamasyna hem-de düzümine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine garaldy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň başynda bu toparyň birinji mejlisi geçirildi, onuň dowamynda ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler bellenildi we jogapkär adamlar kesgitlenildi.

Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasyny mejlise gatnaşyjylara hödürledi. Bu ulgam elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, maglumat giňişligine gatnaşyjylaryň (isleg bildirýän raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) döwlet elektron serişdelerine ygtyýarlandyrylan elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer.

Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň Bitewi portalynda—e.gov.tm bellige almak kadalary berjaý edilenden soňra şeýle elýeterlilik üpjün ediler.

Mundan başga-da, onlaýn mejlisde Pudagara elektron hyzmaty ulgamynyň (PEHU) taslamasy hödürlendi.  Bu taslama ýurdumyzyň merkezi we ýerli häkimýet​ edaralaryna, maliýe edaralaryna we PEHU beýleki gatnaşyjylaryna raýatlara hem-de guramalara elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berer.

 
2022