Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 16 million 113 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti şenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri reňksiz aýnalary, nah ýüplükleri satyn aldylar.
Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Gonkongyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 37 million manada barabar bolan dürli görnüşdäki nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 225 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.