Türkmenistan bilen Özbegistanyň Liderleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistanyň Liderleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri ikitataplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän bilelikdäki giň möçberli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler. Syýasy partiýalaryň hem-de kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, mundan beýläk göni aragatnaşyklary hem-de alyş-çalyşmalary höweslendirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Döwletara esasda, şol sanda işewürlik we medeni ugurlarda bilelikdäki çäreleri hem-de halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde duşuşyklary geçirmek boýunça meýilnamalara seredildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň geljek ýylda nobatdaky duşuşygyna taýýarlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýene bir gezek ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

2022