Özbegistan “Lada” we “Renault” awtoulaglarynyň önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan “Lada” we “Renault” awtoulaglarynyň önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär
“Jizzak” erkin ykdysady zolagyndaky “ADM-Jizzakh” zawodynda “LADA” we ‘Renault” kysymly awtoulaglarynyň önümçiligi ýola goýlar. (Surat: "UzDaily")

Özbegistan “LADA” we “Renault” kysymly awtoulaglarynyň önümçiligini özleşdirmegi meýilleşdirýär. Taslama 2021-2023-nji ýyllar üçin ýurduň maýa goýum maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçiriler diýip, “UzDaily” habarlar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Özbegistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky Karary esasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin maýa goýum maksatnamasy tassyklandy.

Habarda bellenilişi ýaly, “Jizzak” erkin ykdysady zolagyndaky “ADM-Jizzakh” zawodynda “LADA” we ‘Renault” kysymly awtoulaglarynyň önümçiligi ýola goýlar.

Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 60,9 million dollaryna barabar bolup, 2021-nji ýylda 33,3 million ABŞ dollaryna barabar bolan maýa goýumyň özleşdirilmegi meýilleşdirilýär.

Täze önümçiligiň iş kuwwaty ýylda 100 müň awtoulag öndürmäge mümkinçilik berer.

 
2022