Brent nebitiniň bahasy 53 ABŞ dollaryndan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Brent nebitiniň bahasy 53 ABŞ dollaryndan geçdi
Nebitiň WTI we Brent görnüşleriniň bahalary 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri beýle ýokary derejä çykmandy.

“ICE Futures Europe” biržasynda sişenbe güni Brent nebitiniň mart aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 2,51 ABŞ dollary ýa-da 4,9% artyp, bir barreliň bahasy 53,60 ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada “MarketWatch” maliýe maglumat saýty habar berýär.

Nýu-Ýork şäheriniň söwda biržasynda (NYMEX) WTI nebitiniň fewral aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 2,31 ABŞ dollary ýa-da 4,9% artyp, 49,93 ABŞ dollaryna barabar boldy. Biržada söwdanyň barşynda bir barreliň bahasy 50,20 ABŞ dollaryna hem ýetipdi.

Nebitiň WTI we Brent görnüşleriniň bahalary 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri beýle ýokary derejä çykmandy.

Nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy OPEC+ mejlisiniň netijeleri bilen baglydyr. Hususan-da, Saud Arabystany Patyşalygy 2021-nji ýylyň fewral we mart aýlarynda nebit önümçiligini günde bir million barrele çenli azaltmak barada meýletin karar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Saud Arabystany Patyşalygynyň öňümizdäki iki aýda nebit önümçiligini ep-esli azaltmagy Russiýa bilen Gazagystana nebit önümçiligini günde 75 müň barrel möçberde artdyrmaga mümkinçilik berýär.

OPEC+ ýurtlarynyň indiki ýygnagyny şu ýylyň mart aýynyň başynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022