Türkmenistan we Germaniýa sebitleýin howpsuzlygy we durnuklylygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Germaniýa sebitleýin howpsuzlygy we durnuklylygy maslahatlaşdylar
Diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da halkara hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew çarşenbe güni GFR-nyň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili Markus Potzel bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, sebit derejesinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrundaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi, hususan-da Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagynyň prosesinde özara hereketleriň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Gepleşigiň barşynda diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da halkara hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler.

Ilçi Potzel Owganystanyň ýakyn goňşularynyň biri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny belläp geçdi we onuň bu ýurtda parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ilerledilmegi babatynda sebit we halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.

Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça işjeň gatnaşyklary dowam etmek dogrusynda ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022