Türkmenistanda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulmaly hiliň kepillikleri

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulmaly hiliň kepillikleri
Kepillik möhleti paýly gurluşygyň obýektiniň kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekilen gününden başlap hasaplanylýar.

“Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerine, taslama-smeta resminamalarynyň talaplaryna we başga hökmany talaplara laýyk gelýän hili bolan paýly gurluşygyň obýektini paýça bermäge borçludyr.

Eger paýly gurluşygyň obýekti gurujy tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerinden we (ýa-da) şeýle obýektiň hiliniň ýaramazlaşmagyna getiren hökmany talaplaryň ýoýulmagy bilen ýa-da ol paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan ulanylmagy üçin ýaramsyz edýän kemçilikler bilen gurlan bolsa, paýçy öz garamagyna görä gurujyny şulara borçly etmäge haklydyr:

  • kemçilikleri muzdsuz düzetmäge;
  • şertnamanyň bahasyny barabarlykda azaltmaga;
  • kemçilikleri aýyrmak üçin çykdajylaryň öwezini dolmaga.

Paýly gurluşygyň obýekti üçin kepillik möhleti näçe bellenilýär we ol haýsy wagtdan başlap hasaplanylýar?

Paýly gurluşygyň obýektiniň ýa-da ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň düzümine girýän tehnologik we inženerçilik enjamlaryny hem goşmak bilen paýly gurluşygyň obýekti üçin kepillik möhleti paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda bellenilýär we bir ýyldan az bolup bilmez. Kepillik möhleti paýly gurluşygyň obýektiniň kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çekilen gününden başlap hasaplanylýar.

Paýçynyň paýly gurluşygyň obýektiniň ýa-da ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň hiliniň pesligi bilen baglanyşykly, eger şeýle hili kepillik möhletiniň dowamynda ýüze çykarylan bolsa, guruja talaplaryny bildirmäge haky bardyr.

Haýsy ýagdaýda gurujy kepillik möhletiniň dowamynda paýly gurluşygyň obýektiniň ýetmezçilikleri üçin jogapkärçilik çekmeýär?

Eger kemçilikler ulanylmagyna bildirilýän talaplaryň bozulmagy ýa-da paýçynyň özi tarapyndan geçirilen ýa-da onuň işe çeken üçünji şahslarynyň geçiren göwnejaý däl abatlamagy netijesinde bolup geçendigini subut etse, onda gurujy kepillik möhletiniň dowamynda paýly gurluşygyň obýektiniň ýetmezçilikleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Çeşme: “Rysgal” gazeti, 11.01.2021ý