Balkanabatdaky abatlaýyş-mehaniki zawody geçen ýyly üstünlikli tamamlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanabatdaky abatlaýyş-mehaniki zawody geçen ýyly üstünlikli tamamlady
Zawodda taýýarlanýan önümleriň özüne düşýän gymmatynyň arzanladylmagy, kärhananyň düşewüntli işlemegine giň mümkinçilik berýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Balkanabatdaky abatlaýyş-mehaniki zawodynda 2020-nji ýyl boýunça meýilleşdirilen 7 million 200 müň manadyň ýerine 8 million manada golaý işler ýerine ýetirilip, ýyllyk meýilnama 111% berjaý edildi.

“Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, zawodyň kämil abatlaýyş enjamlarynyň 150-ä golaýy ýylyň-ýylyna ýokary önümçilik netijelerini gazanmaga ýardam edýär.

Zawodda taýýarlanýan önümleriň özüne düşýän gymmatynyň arzanladylmagy, kärhananyň düşewüntli işlemegine giň mümkinçilik berýär.

Bu döwrebap kärhana “Türkmennebit” döwlet konserniniň öňdebaryjy bölümleriniň biridir. Zawodyň esasy ugry nebit meýdançasynyň enjamlary üçin ýokary hilli ätiýaç şaýlaryny öndürmek bolup durýar.