Türkmenistan Astrahanda logistika merkezini döretmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Astrahanda logistika merkezini döretmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Güýç Garaýewiň we Astrahan oblastynyň ykdysady ösüş ministri Kazbek Hadikowyň arasyndaky duşuşyk (Surat: “Astrobl.ru”)

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly (Russiýa Federasiýasy) Güýç Garaýew we Astrahan oblastynyň ykdysady ösüş ministri Kazbek Hadikow sebitde Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitiň hökümetiniň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, ozal bu mowzuk Astrahan oblastynyň häkimi Igor Babuşkin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda geçirilen onlaýn gepleşiklerde nygtaldy.

Türkmenistanyň konsulynyň belleýşi ýaly, 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Daşary syýasat edarasyna Astrahan oblastynda logistika merkezini döretmek üçin ädimlere başlamagy tabşyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar häzirki wagtda Astrahan oblastynda döredilýän ýörite port ykdysady zolagyň çäginde merkeziň ýerleşiş mümkinçiligini öwrenýärler. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük gatnawlaryň köpelmegine goşant goşar.

Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri 2020-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Astrahan oblastynda ýörite port ykdysady zolagyny döretmek baradaky Karara gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022