Türkmenistanda önümleri sertifikatlaşdyrmak işi hakynda

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda önümleri sertifikatlaşdyrmak işi hakynda
Türkmenistanda öndürilýän önüm Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir.

Sertifikatlaşdyrmak näme?

Türkmenistanyň “Sertifikatlaşdyrmak hakynda” kanunyna laýyklykda, sertifikatlaşdyrmak – bu obýektiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelşiniň resminamalaýyn tassyk edilmegi bolup durýan iş.

Sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümler haýsylar?

Türkmenistanda öndürilýän önüm ýa-da Türkmenistana getirilýän önüm (Türkmenistana getirilýän ulanyşda bolan önüm muňa degişli däldir) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylmaga degişlidir.

Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän önümler hem-de fiziki şahslaryň şahsy, maşgala we telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolmadyk zerurlyklary üçin Türkmenistana getirilýän önümler sertifikatlaşdyrmakdan boşadylýar.

Fiziki şahslaryň şahsy, maşgala we telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolmadyk zerurlyklary üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän önümleriň aýry-aýry görnüşleri sertifikatlaşdyrylmaga degişli edilip bilner. Şeýle önümleriň sanawlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Türkmenistana getirilýän şu önümler sertifikatlaşdyrylmaga degişli däldir:

  • Synaglary (barlaglary) geçirmek üçin niýetlenen nusga hökmündäki, şeýle hem olaryň bölekleri we ätiýaçlyk şaýlary;
  • Sergi üçin niýetlenen (ýerlemek üçin getirilýän önümler muňa degişli däldir);
  • Daşary ýurt döwletleriniň we Türkmenistandaky halkara guramalarynyň resmi wekiliýetleri, diplomatik we olara deňleşdirilen wekilhanalar üçin harytlar;
  • Gümrük üstaşyry, wagtlaýyn getirmek, gümrük ammary, paçsyz söwda, erkin gümrük zolagy (erkin ammar), reimport, ýok etmek gümrük düzgünlerine ýerleşdirilýän;
  • Poçta üsti bilen getirilýän harytlar we beýleki önümler;
  • Tehniki we buhgalterçilik resminamalary, taslamalar, maketler, ygtyýarnamalar we şertnamalar;
  • Döwürleýin çap edilýän, şeýle hem mahabat üçin niýetlenen çaphana we neşirýat önümleri.

Türkmenistanda elde taýýarlanan çeper halk döredijiliginiň önümleri, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň önümleri we ýadygärlik sowgat önümleri sertifikatlaşdyrylmaga degişli däldir.

Sertifikatlaşdyrylmakdan boşadylýan önümler gyzyklanýan taraplaryň islegleri boýunça olaryň ýüztutmalary esasynda sertifikatlaşdyrylyp bilner.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalary bilen önümleriň aýry-aýry görnüşleriniň sertifikatlaşdyrylmagynyň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bilner.

2022