Türkmenistanda telekeçilik işiniň bes edilmeginiň tertibi hakynda

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda telekeçilik işiniň bes edilmeginiň tertibi hakynda
Telekeçilik işi emläk eýesiniň ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda bes edilýär.

Telekeçilik näme?

“Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) – munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hemem töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne alyp ýa-da ýuridik şahsyň - kärhananyň adyndan hem-de emläk jogapkärçiligini onuň öz üstüne alyp amala aşyrýan başlangyçly, özbaşdak işidir, hususy kärhanaçylyk işidir.

Türkmenistanda telekeçilik işiniň bes edilmegi nähili ýagdaýda alnyp barylýar?

Telekeçilik işi emläk eýesiniň ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda bes edilýär.

Kazyýet tarapyndan telekeçilik işi şu aşakdaky halatlarda bes edilýär, ýagny:

  • telekeçi Türkmenistanyň kanunlarynda gadagan edilen telekeçilik işini ýa-da ýörite ygtyýarnamasy bolmadyk şeýle telekeçilik işini amala aşyran mahalynda;
  • kanunlar telim gezek ýa-da gödek bozulan mahalynda;
  • ekologiýa howpsuzlygynyň kadalary bozulan mahalynda;
  • telekeçi batyp galan diýlip ykrar edilende;
  • Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.

Kazyýet ýokarda görkezilen halatlarda telekeçilik işini bes etmek hakynda karar kabul edende Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda telekeçilik işiniň bes etmegiň tertibini we möhletini kesgitleýär.

Telekeçi aradan çykan mahalynda onuň telekeçilik işini amala aşyrmak baradaky hukuklary we borçlary onuň mirasdarlaryna geçýär.

Şertnama esasynda amala aşyrylýan telekeçilik işi şol şertnamanyň möhleti gutarandan soň ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde taraplardan biriniň beren  arzasy esasynda şertnama ýatyrylan mahalynda bes edilip bilner.

2022