“Halkbank” bilen “Senagat” banklaryň paýnamalary satuwa çykarylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Halkbank” bilen “Senagat” banklaryň paýnamalary satuwa çykarylýar
“Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky

“Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) “Halkbank” hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik banklarynyň paýnamalaryny satuwa çykarýar. Bu barada anna güni “Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişde habar berildi.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek hakynda Karara gol çekdi.

Bu çäre “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz, çarşenbe güni iş maslahatynyň dowamynda maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa “Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ-niň işini guramak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

“Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ 2016-njy ýylyň 17-nji awgustynda döredildi. Häzirki wagtda biržanyň esaslandyryjylary hökmünde “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş edýärler.