Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň jemini jemledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň jemini jemledi
45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Bu barada TDH habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikler gazanyldy.

Habarda bellenilişine görä, Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri saklanyp, geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9%-e, şol sanda senagat pudagynda 3,3%-e, söwdada 15,1%-e, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7%-e barabar boldy.

Ýurdumyzda 12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi, puluň hümmetsizlenmegi bellenen çäklerde saklandy, gurluşyk pudagyna 38 milliard ABŞ dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi diýip, Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem, 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million 200 müň tonnadan hem köp pagta taýýarlanyp, diýarymyzyň azyk bolçulygy üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, uly üstünlik, mähriban halkymyza bolsa, abadançylyk arzuw etdi.

2022