Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy
Milli Liderimiz Uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň içeri işler ministri M.Çakyýew döwlet Baştutanymyza Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň işi we onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimize Uçarmansyz uçýan enjamlaryň dürli görnüşleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berýän şekiller görkezildi.

Şeýle hem, merkeziň hünärmeni binanyň eýwanynda oturdylan monitor arkaly merkezde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Bu ýerde ýerine ýetirilýän işler, uçarmansyz uçýan enjamlary ýasamak, olary uçurmak, enjamlara degişli serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkeziniň gurluşygynyň baş meýilnamasynyň esasynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyryldy. Şolaryň hatarynda uçarlaryň angarynyň, uçar binasynyň, awtoulag binasynyň, dolandyryş nokatly hem-de uçarlary awtomatik usulda dolandyrýan bölümleriň, syn ediş nokadynyň, merkeze degişli bolan ýyladyşhananyň hem-de elektrik bekediniň binalarynyň taslamalary görkezildi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlar merkezi Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda 2015-nji ýylyň 4-nji awgustynda açyldy.

2022