Aşgabatda “Daşkent” seýilgähi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Daşkent” seýilgähi gurlar
Aşgabat şäheri

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen geçiren duşuşygynda Aşgabatda “Daşkent” atly seýilgähiň guruljakdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy, diplomatik meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň geljegi-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, söwda, obasenagat hem-de beýleki ulgamlarda bilelikde işlemek boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem, 2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 8,6% ýokarlanandygy bellenildi.

Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda we ilkinji nobatda, täze üstaşyr geçelgäni döretmek boýunça bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz hem-de Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Abdulaziz Kamilow iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin gatnaşyklary arkaly berkidilen ýörelgeler esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022