Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan hyzmatdaşlygy ‘sebitiň ösüşine goşant goşýar’

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan hyzmatdaşlygy ‘sebitiň ösüşine goşant goşýar’
Ministler Türkmenistanda geçiriljek üç ýurduň Prezidentleriniň sammitiniň ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat:“Anadolu” agentligi)

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk sebitiň ösüşine we durnuklylygyna möhüm goşant goşdy. Bu barada Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlüt Çawuşoglunyň azerbaýjanly we türkmen kärdeşleri bilen bilelikde sişenbe güni geçiren metbugat ýygnagynda beren beýanatyna salgylanyp, Türkiýäniň “Anadolu” agentligi habar berdi.

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň bäşinji üçtaraplaýyn duşuşygy Ankarada Mewlüt Çawuşoglunyň, Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramowyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredowyň gatnaşmagynda geçirildi.

Mewlüt Çawuşoglu duşuşygyň netijeli geçendigini we onuň dowamynda wekiliýetler şu wagta çenli amala aşyrylan işlere seredendiklerini hem-de geljek üçin möhüm teklipleri taýýarlandyklaryny belledi.

Ol Türkiýäniň “Täzeden Aziýa” (Asia Anew) başlangyjynyň çäginde Azerbaýjan we Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini aýtdy. Türkiýe Aziýa ýurtlary bilen dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin bu başlangyja 2019-njy ýylda badalga berdi.

Şeýle hem, ministrler Türkmenistanda geçiriljek üç ýurduň Prezidentleriniň sammitiniň ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşdylar we ylalaşdylar.

Raşid Meredow hem öz gezeginde geçen üçtaraplaýyn duşuşygy “taryhy duşuşyk” hökmünde häsiýetlendirip, Türkmenistanyň başlangyçlaryny Türkiýäniň we Azerbaýjanyň halkara giňişlikde elmydama goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň şu ýyl Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýynlyk görlüp başlandygyny hem mälim etdi.

Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Baýramow Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek boýunça alyp barýan işleri Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň energiýa howpsuzlygyna oňyn goşant goşjakdygyny belledi.

Hazar deňzindäki ýatagyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek we özleşdirmek baradaky ylalaşyk Aşabatda 21-nji ýanwarda gol çekildi.

Duşuşykda ministrler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini görkezýän bilelikdäki Jarnama gol çekdiler.

Şeýle-de olar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlaryny we söwdany höweslendirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmak, hem-de energiýa, ulag, oba hojalyk, syýahatçylyk we daşky gurşaw pudaklarynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak boýunça ylalaşdylar.