2021-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) 34 müň 857 tonna ýangyç kerosini öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti anna güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly bu ýerde ýangyç kerosini bellenilen meýilnamadan 111 tonna artyk öndürildi.
Şeýle hem, 2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Gruziýa Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň 93 müň tonnadan gowragy eksport edildi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.