Telekeçi Rüstem Bäşimowa degişli Lebap welaýatynda ýerleşýän “Tebigy ekin” daýhan hojalygy meýilnama laýyklykda 300 gektar töweregi ýerde ýazky ýeralma ekişini tamamlady.
Daýhan hojalygyň 99 ýyllyk möhlet bilen kärendesine alan 953 gektar ýeri bolup, idegi ýetirilýän ekerançylyk meýdanlarynyň ählisi diýen ýaly Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşýär.
Şeýle hem, ýeralmanyň “Gala” görnüşiniň ýokary hilli tohumlary ekilýär. Içerki bazarda ýokary islegli ekiniň hasyly maýyň ahyrynda, iýunyň başynda, jemi 100-120 günde ýetişer. Geçen ýylda ýeralmadan her gektaryň hasyllylygy 20 tonna golaýlan bolsa, şu ýyl 30 tonna çenli hasyla garaşylýar.
Häzirki wagtda hojalyga degişli meýdanda güýzde ekilen 10 gektar sogana ideg edilip, ösüş suwy tutulýar. Onuň hem ýazky ýeralma bilen gyradeň ýetişmegine garaşylýar.
Daýhan hojalygynyň iş ugurlarynyň hatarynda üzümçilik, bagbançylyk hem giň gerimde alnyp barylýar. Jemi 16 gektardan gowrak miweli bagdan we üzümden bereketli hasyla garaşylýar.