Russiýada polipropileniň bahasy rekord derejä galdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýada polipropileniň bahasy rekord derejä galdy
Ýewropada polipropileniň ýetmezçiligi fewral aýynda bahalaryň 15% ýokarlanmagyna sebäp boldy. (Surat: “Borealis”)

Russiýada polipropileniň ýetmezçiligi sebäpli onuň bahalary rekord derejede ýokarlandy. Bu barada “ICIS-MRC Price report” hasabatyna salgylanyp, ICIS himiýa önümlerini seljerýän halkara analitiki kompaniýasy çarşenbe güni habar berdi.

Hasabata görä, öňki ýyllarda, ýanwar-fewral aýlarynda Russiýanyň bazaryndaky polipropilene islegiň pes bolmagy we üpjünçiligiň ýokary bolmagy sebäpli bahalar arzandy. Bu ýyl ýagdaý düýpgöter üýtgäp, daşary ýurt bazarlarynda bahalaryň ýokarlanmagy Russiýadaky bahalara hem täsirini ýetirdi.

Gomopolimer polipropileniniň bahalarynyň ýokarlanmagy ýanwar aýynda başlandy, ýöne fewral aýynda bahalaryň ösüş depgini has-da güýçlendi. Şu ýylyň başyndan bäri bahalar 17%-den gowrak ýokarlandy.

Fewral aýynyň ikinji ýarymynda aşa sowuk howa ýagdaýlary sebäpli ABŞ-da birnäçe öndürijileriň işleriniň duýdansyz togtadylmagy sebäpli dünýäde polipropileniň ýetmezçiligi hasam güýçlendi.

Ýewropada polipropileniň ýetmezçiligi fewral aýynda bahalaryň 15% ýokarlanmagyna sebäp boldy. Geçen hepde Türkiýede propilen gomopolimeriň raffia görnüşiniň CFR bahasy bir tonna üçin 1800 ABŞ dollaryndan geçdi.

Dünýäde polipropileniň bahalarynyň şeýle çalt depginde ýokarlanmagy Russiýanyň iri öndürijileriniň bahalary yzygiderli ýokarlandyrmagyna itergi berdi.

Rus öndürijileriniň eksport bahalary uzak wagtdan bäri içerki önümleriň bahalaryndan ýokarydy.

ICIS-iň bellemegine görä, Türkmenistandan polipropileniň Russiýa importy azaldy we Russiýada soňky eksport söwdalarynda onuň bir tonnasynyň FCA/FOB bahalary 1515 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Bu bahalar geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda ortaça 1050 ABŞ dollaryna barabardy.

Russiýanyň bazaryndaky polipropileniň üpjünçiligi fewral aýynda pes boldy. Käbir önüm öndürijiler polipropilen isleglerini ýokary bahalara garamazdan doly kanagatlandyryp bilmediler. ICIS analitiki kompaniýasy mart aýynda polipropileniň üpjünçiligi bilen baglanyşykly ýagdaýyň gowulaşmajakdygyny belledi.

Fewral aýynyň ahyrynda käbir satyjylaryň hödürleýän polipropileniniň raffia görnüşiniň bir tonnasynyň CPT Moskwa bahasy 130 müň rubldan geçdi. Bu baha ýanwar aýynyň başynda 104,5 müň rublda ýetenokdy.

2022