Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 14 million 142 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny we awtobenzini satyn aldylar. BAE-niň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň işewürleri binýatlyk ýagyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi we awtoulag serişdesini satyn aldylar.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri nah ýüplük, dürli lukmançylyk önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy möçberi 774 müň manatlykdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.