Türkmen polipropileniniň eksport bahasy rekord derejä ýetdi: $1,775

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen polipropileniniň eksport bahasy rekord derejä ýetdi: $1,775
TDHÇMB-da 10-njy martda geçirilen söwdalaryň dowamynda polipropileniň bahasy $1,515-den $1,775-e ýetdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen polipropileniň eksport bahasy rekord derejä ýetip, bir günüň dowamynda 1 müň 500 tonnasy satyldy. Bu barada “ICIS-MRC Price report” hasabatyna salgylanyp, ICIS himiýa önümlerini seljerýän halkara analitiki kompaniýasy geçen penşenbe güni habar berdi.

ICIS-iň bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylara salgylanyp habar bermegine görä, 10-njy martda TNGIZT-de öndürilen polipropileniň raffia görnüşiniň 1,500 tonnasy eksporta ugradylmak üçin TDHÇMB-da ýerleşdirildi.

Polipropileniň bir tonnasynyň FCA/FOB başlangyç bahasy 1 müň 515 ABŞ dollaryna barabardy. Bäsleşikli söwdalaryň dowamynda polipropileniň FCA/FOB bahasy rekord derejä galyp, 1 müň 775 ABŞ dollaryna deň boldy. Bir günüň dowamynda bäsleşikli söwdada ýerleşdirilen polipropileniň ählisi satyldy. Geleşikler önümi alty aýyň dowamynda ugratmak şerti bilen baglaşyldy.

Mundan öň TNGIZT-de öndürilen polipropileniň söwdalary 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 20-sine geçirildi. Şol döwürde polipropileniň raffia görnüşiniň FCA/FOB bahasy 1 müň 515 ABŞ dollaryna barabar bolup, onuň 1 müň tonnasy ýerlenildi.

2020-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň eksport söwdalarynda polipropileniň bir tonnasynyň FCA/FOB bahalary 750 ABŞ dollaryna barabardy.

Polipropileniň önümçiligi üçin esasy çig mal bolan nebitiň bahasy dünýäde ýokarlandy. Duşenbe güni “ICE Futures Exchange” biržasynda “Brent” nebitiniň bir barreliniň bahasy 70 ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Häzirki wagtda “Brent” nebitiniň maý aýy üçin şertnamalarynyň bahasy 68,48 ABŞ dollaryna barabar bolup, 2020-nji ýylyň 16-njy martynda onuň bir barreliniň bahasy 40,15 ABŞ dollaryna deňdi.

2022