Türkmenistanyň Prezidenti sil suwuny sowujy desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti sil suwuny sowujy desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy
Döwlet Baştutanymyz sil suwuny sowujy desgalaryň gurluşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygy barada tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabadyň günortasynda sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu ýerde umumy uzynlygy 52 kilometre barabar bolan akabalar gurlar. Bu ýerleriň sil suw akabalary Garagum derýasynyň demirgazygyndaky suw akabasyna birikdirilýär. Şeýlelikde, jemlenýän sil we ýagyn suwlary bir bitewi ugra birigip, “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap gidýän akaba goşular.

Habarda bellenilişi ýaly, toplumyň gurluşygynyň hem-de olara ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Häzirki döwürde sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygynda tehnikalaryň 900-si ulanylýar. Şolardan 100 tehnika gurluşygy ýerine ýetirýän düzüme degişli bolup, galan 800 tehnika ýurduň şahsy taraplaryna degişlidir.

Wise-premýer Şamuhammet Durdylyýew sil suwlaryny sowujy akabalaryň ugrunda uly göwrümli howdanlaryň döredilýändigi, onda siliň getiren daşlarynyň owradylýandygy, şeýlelikde, sil suwlary süzülip, arassa suw alynýandygy barada giňişleýin maglumatlar berdi.

Döwlet Baştutanymyz suw akabalaryny giňeltmek, olaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, şeýle hem suw akymyny sazlamak üçin suw sowujy desgalaryň zerur bolan möçberlerini, suw hojalyk desgalaryny we köprüleri gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam edilmelidigini belledi hem-de bu işlerde dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň oýlanyşykly ulanylmalydygy we bu desgalaryň gurluşygynyň ylmy taýdan esaslandyrylmalydygy barada tabşyryklary berdi.

2022