Türkmenistan we Russiýanyň Ulýanowsk oblasty hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Russiýanyň Ulýanowsk oblasty hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Duşuşykda Morozow Türkmenistan bilen işewürlik pudagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Russiýanyň Ulýanowsk oblastynyň gubernatory (häkimi) Sergeý Morozow bilen anna güni duşuşygy geçirildi. Onda taraplar ýöriteleşdirilen sergileriň, şeýle hem işewür guramalaryň wekilleriniň onlaýn gepleşikleriniň guralmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň metbugat beýanatyna görä, duşuşykda Hazar deňzinde bilelikdäki ykdysady, söwda-logistika taslamalaryny durmuşa geçirmekde Russiýanyň Wolga-Kamsk basseýnine ýakyn ýerleşýän rus sebitleriniň möhüm ähmiýeti görkezildi. Şeýle-de Russiýa bilen Türkmenistanyň, esasanam Russiýanyň bu sebitiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulýanowsk oblastynyň hökümetiniň resmi saýtynda habar berilişine görä, duşuşykda Morozow Türkmenistan bilen işewürlik pudagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi.

“Sizi Ulyanowsk oblastynyň meýdanlaryny ulanmaga çagyrýarys. Ilkinji nobatda Türkmenistandan Russiýa harytlaryň iberilmegini we satylmagyny guramak üçin Ýörite ykdysady zolagymyzyň logistik we gümrük artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýarys” diýip, Sergeý Morozow aýtdy.

Baş konsul Atadurdy Baýramow I.N.Ulýanow adyndaky Ulýanowsk döwlet pedagogika uniwersitetiniň rektory Igor Petrişew bilen hem duşuşdy. Duşuşykda taraplar sebitiň uniwersitetlerinde Türkmenistanyň raýatlary üçin býujet ýerleriniň sanyny köpeltmek mümkinçiligine garadylar.

2022