Gyrgyzystan türkmen gazynyň importy boýunça gepleşikleri geçirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan türkmen gazynyň importy boýunça gepleşikleri geçirmekçi
Gyrgyz ministri Türkmenistandan tebigy gazy import etmek üçin tehniki mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministrligi tebigy gazynyň importy boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ministrligiň ýolbaşçysy Kubanyçbek Turdybaýewiň sişenbe güni geçirilen Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýangyç-energetika toplumy we ýerasty baýlyklary boýunça komitetiniň ýygnagynda aýdanlaryna salgylanyp, Gyrgyzystanyň “24.kg” agentligi habar berdi.

Energetika we senagat ministriniň sözlerine görä, Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen gepleşikde Özbegistandan tebigy gazynyň Gyrgyzystana ugradylmagy meselesi gozgaldy. Şeýle-de ol ýurtda elektrik energiýanyň sarp edilişini azaltmak üçin gazlaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

“Müşderilere gazyň bahasyny arzanlatmak üçin ony has arzan bahadan import etmegi maksat edinýäris. Özbegistan bilen gepleşik geçirýäris we bu meseläni Türkmenistan bilen ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýäris. Munuň üçin biziň tehniki mümkinçiliklerimiz bar” diýip, Turdubaýew ýygnagyň dowamynda belledi.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew 18-nji martda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşigiň barşynda türkmen elektrik energiýasynyň we tebigy gazynyň Gyrgyzystana ugradylmagy boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.