Türkmen wekiliýeti Russiýanyň resmileri we işewürleri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen wekiliýeti Russiýanyň resmileri we işewürleri bilen duşuşdy
Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa iş saparyny amala aşyrýar. (Surat: "mos.ru")

Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetiniň Russiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Moskwa şäherinde Russiýanyň döwlet edaralarynyň, söwda-ykdysady, energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ugurlarda iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň internet sahypasynda habar berlişi ýaly, saparyň dowamynda Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, at gazanan akademik N.F.Gamalei adyndaky Russiýanyň epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli gözleg merkeziniň, Federal Döwlet statistika gullugynyň, Russiýanyň Söwda-senagat edarasynyň, “Sberbank” maliýe kompaniýasynyň, “Gazprom” kompaniýasynyň, “GAZPROM Schweiz AG” kompaniýasynyň, “Ural raýat awiasiýa zawody” paýdarlar jemgyýetiniň, professor Ý.W.Samoýlow adyndaky ylmy insitutynyň, Russiýanyň Döwlet sirk kompaniýasynyň, Russiýanyň göni maýa goýum gaznasynyň, “Krastswetmet” kompaniýasynyň, “Transkapitalbank” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

“Lukoil” kompaniýasy bilen energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we hyzmatdaşlygyň konseptual meseleleri hem-de amala aşyryp boljak taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de maşyngurluşyk pudagynda “KAMAZ” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylan möhüm taslamalara kompaniýany çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bellenildi.

Mundan başga-da, “MIR” teleradio ýaýlym kompaniýasy hem-de Russiýanyň Döwlet teleradio ýaýlym kompaniýasy bilen geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirildi. Taraplar ady agzalan tele kompaniýalary bilen Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň arasyndaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň baş diplomaty rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirer we 2-nji aprelde Moskwada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

2022