Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary duşuşyk geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary duşuşyk geçirdiler
Taraplar daşary işler ministrleriniň derejesinde “MA5+Russiýa” (Merkezi Aziýa we Russiýa) gepleşik guraly ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: Russiýanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Moskwa şäherinde penşenbe güni duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda halkara guramalaryň, esasanda BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem daşary işler ministrleriniň derejesinde “MA5+Russiýa” (Merkezi Aziýa we Russiýa) gepleşik guraly ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň DIM-niň metbugat beýanatyna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, Hazar meseleleri barada hem pikir alşyldy. Şeýle hem, howpsuzlyk bilen bir hatarda ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerine seredildi.

Taraplar gepleşigiň dowamynda bilim we lukmançylyk ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar we söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary “Biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekdiler.

Şeýle hem penşenbe güni Russiýanyň Hökümetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Russiýanyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygy geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022