Türkmenistanda täze onlaýn-kinoteatr hyzmaty hödürlenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze onlaýn-kinoteatr hyzmaty hödürlenýär
“Belet Film” hyzmatynyň abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manata barabardyr.

“Türkmentelekom” döwlet elektroaragatnaşyk kärhanasy “JAN Tehnologiýa” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Belet Film” hyzmatyny hödürleýär. Hyzmat filmleriň, teleseriýallaryň, multfilmleriň ýygyndysy bolan onlaýn- kinoteatrdyr.

“Türkmentelekom” kompaniýasynyň anna güni habar berşine görä, filmleriň sany yzygiderli köpelýär we ýakyn wagtda dünýä klassyk filmlerinden başlap, 2021-nji ýylyň täze önümlerine çenli 5000-den gowrak dürli žanrlardaky filmler we seriýallar elýeterli bolar.

Bu hyzmat internet liniýasyna birikdirilip, bir maşgala agzalarynyň hemmesiniň ondan peýdalanyp biljekdigini aňladýar. Sekuntda 8 megabite çenli tizlik, şol bir wagtyň özünde birnäçe enjamdan onlaýn film görmäge mümkinçilik berer.

Habarda bellenilişi ýaly, abuna ýazylyş bahasy aýda 30 manat bolup, müşderiler hyzmaty abonentiň şahsy otagynda, şeýle hem “Turkmentelekom” kärhanasynyň abonent bölümlerinde birikdirip bilerler.

Hyzmat Android we iOS platformalarynda elýeterlidir. Häzirki wagtda kompýuterden görmek üçin web wersiýasy hem “film.belet.com.tm” sahypasynda işlenilip düzülýär. Enjamyň ýadyna film göçürip, internetsiz film görmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulan.

2022