“Altyn bürgüt” 300 tonna golaý pomidor eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn bürgüt” 300 tonna golaý pomidor eksport etdi
Her möwsümde pomidor nahallarynyň 195 müň düýbi ýyladyşhanalarda oturdylýar.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň 8,5 gektar meýdanynda ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanalar toplumynda 2020-2021 ekin möwsüminde häzirki wagtda 600 tonnadan gowrak pomidor hasyly ýygnalyp, onuň 300 tonna golaýy daşary ýurtlaryň 3-sine eksport edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhananyň ýyladyşhana toplumlarynda ýetişdirilýän pomidorlar diňe bir içerki bazarda ýerlenilmän, eýsem, Türkiýe, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edilýär. Hasyl ýygymy döwründe ekin meýdanlaryndan öndürilen pomidoryň umumy hasylynyň 85%-i eksporta iberilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýyladyşhanalaryň 14-sinde pomidoryň Gollandiýadan getirilen ýokary we ýokumly hasyl berýän görnüşleri ýetişdirilýär. Pomidoryň bu görnüşleri 5-6 aýdan hasyl berip başlaýar we onuň her düýbi 15 kilograma çenli hasyl berýär.

Pomidorlary ýetişdirmek üçin işçileriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Her möwsümde pomidor nahallarynyň 195 müň düýbi ýyladyşhanalarda oturdylýar.

Häzirki wagtda kompaniýanyň ýyladyşhanalar toplumynyň diňe birinji tapgyry hereket edýär. Toplumyň gurluşygy doly tamamlanandan soň pomidoryň ekiljek meýdany meýilleşdirilen 21 gektara deň bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022