Türkmenistanyň Prezidenti haýyr-sahawat gaznasyna öz goşandyny goşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti haýyr-sahawat gaznasyna öz goşandyny goşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasyna aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Ýatladyp geçsek, Milli Liderimiziň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Bu resminamanyň esasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli hem-de daşary ýurt pulunda hasaplar açyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, bu gazna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasynyň on üçünji bölegine laýyklykda, Rejep Bazarow ady agzalan gaznanyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.

2022