Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgeleriniň ösüşine garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgeleriniň ösüşine garaldy
Taraplar täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny öňe sürmek meselelerine aýratyn üns berdiler. (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Daşkent şäherinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşenbe güni duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we şol sanda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgelerini kämilleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlary, ulag we logistika ýaly ugurlarda özbek-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de ykdysady hyzmatdaşlyk, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny öňe sürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Özbegistanyň Prezidenti we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy ulag we aragatnaşyk pudagynda Eýranyň deňiz portlaryndan netijeli peýdalanmakda hem-de Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgelerini kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Mundan başga-da, taraplar sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek we Owganystandaky parahatçylyk prosesini öňe sürmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Eýranyň baş diplomaty Merkezi Aziýa ýurtlaryna resmi saparynyň çäginde Gyrgyzystana, Gazagystana we Türkmenistana sapar amala aşyrar.

2022