Türkmenistanda hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
Milli Liderimiz ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlary işläp taýýarlamagyň wajyplygyny belledi.

Türkmenistanda fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Bu baradaky resminama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji kararyna laýyklykda gol çekdi.

Şeýle hem, mejlisiň dowamynda Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk-hukuknamalaryny yzygiderli seljermek, olary mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlary işläp taýýarlamak esasy talaplarynyň biridigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz halkara hukugynyň kadalaryny öwrenmegiň wajypdygyny nygtap, ministre degişli tabşyryklary berdi,

2022