Türkmenistanda Bütindünyä saglyk güni bellenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Bütindünyä saglyk güni bellenildi
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan welosipedli ýörişler we dürli sport çäreleri geçirildi.

Ýurdumyzda çarşenbe güni Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşine görä, bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenýän ajaýyp halkara baýramy-Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry guralar diýip, Milli Liderimiz belläp geçdi.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan welosipedli ýörişler we dürli sport çäreleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.