Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, diplomat Eýran tarapynyň möhüm halkara taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, olaryň durmuşa geçirilmegi sebit we dünýä möçberinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.
Şeýle hem, Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynyň ýylsaýyn tutuş dünýäde maýadarlaryň we meşhur kompaniýalaryň köpüsiniň ünsüni özüne çekýändigini belläp, Eýranyň işewür toparlarynyň hem öňden gelýän gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň baş diplomaty Mohammad Jawad Zarifiň Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen hem duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Hazar deňziniň meseleleri hem-de Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň beýanatyna görä, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň hem-de “Hazar deňzi — Gara deňzi” halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi we şunuň bilen baglylykda, agzalan geçelgeleri durmuşa geçirmekde Eýranyň gatnaşmagynyň ýollaryna seredildi.
Gepleşikleriň netijesi boýunça iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylary “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýranyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekdiler.
Eýranyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif duşenbe güni Merkezi Aziýanyň dört ýurduna – Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana we Türkmenistana resmi saparyna başlady.