Türkmenistan bilen Katar işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Katar işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Rejepow Türkmenistanyň Katar bilen maýa goýum we ykdysadyýet pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleginiň bardygyny belledi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşenbe güni Türkmenistan-Katar işewürler maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýurtlaryň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we iki ýurtda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek meselesine garaldy. Bu barada Kataryň resmi metbugaty habar berdi.

Onlaýn maslahat Kataryň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralary bilen bilelikde guraldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen tarapyndan onlaýn gepleşige ministrlikleriň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmenhaly” Döwlet assosiasiýasynyň hem-de türkmen kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow ýolbaşçylyk etdi.

Onlaýn maslahata katar tarapyndan dürli pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar we oňa Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohamed bin Ahmed bin Twar Al Kuwari ýolbaşçylyk etdi.

Kataryň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary ýurtlaryň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Mohamed bin Ahmed Katar bilen Türkmen kompaniýalarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy we ykdysady bileleşikleri ýola goýmak arkaly ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde iki tarapyň hususy pudagynyň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem Twar, türkmen kompaniýalaryny Katara maýa goýmaga we ähli pudaklarda bar bolan dürli mümkinçiliklerden peýdalanmaga çagyrdy. Şeýle-de Kataryň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we dostlukly ýurtlarda üstünlikli maýa goýumlaryny döretmek strategiýasy barada gürrüň açyp, Kataryň işewürlerini we maýadarlaryny Türkmenistana maýa goýmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow öz gezeginde Kataryň Söwda-senagat edarasyna iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem, Rejepow Türkmenistanyň Katar bilen maýa goýum we ykdysadyýet pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleginiň bardygyny belledi.

Mundan başga-da, D.Rejepow Türkmenistanyň ykdysadyýeti we daşary ýurt maýadarlary üçin hödürlenýän maýa goýum barada umumy maglumat berip, katarly maýadarlary infrastruktura we energiýa ýaly birnäçe pudaklara maýa goýmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda geçen ýylyň noýabr aýynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda iki ýurduň netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dürli pudaklarda ýakyn işewür gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.