Gazagystan nebithimiýa önümçiligini 5,5 esse artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan nebithimiýa önümçiligini 5,5 esse artdyrmagy meýilleşdirýär
2025-nji ýyla çenli iki sany nebithimiýa taslamasynyň durmuşa geçirilmegine garaşylýar. (Surat: “Kazakhstan Petrochemical Industries Inc.”)

Gazagystan 2025-nji ýyla çenli nebithimiýa önümçiliginiň mukdaryny 2 million tonna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu bolsa 2020-nji ýyldakydan 5,5 esse köpdür. Bu barada Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň gazak deputatlaryna beren beýanatyna salgylanyp, “Kazinform” agentligi geçen şenbe güni habar berdi.

Roman Sklýar häzirki wagtda Gazagystanda umumy kuwwaty takmynan 870 müň tonna barabar bolan nebithimiýa önümlerini öndürýän bäş sany nebiti gaýtadan işleýän zawodyň bardygyny aýtdy. Şeýle-de ol soňky 4 ýylda (2016 - 2020) öndürilen önümleriň mukdarynyň 4 esse artandygyny we 360 ​​müň tonna deň bolandygyny belläp, şolardan 80% eksporta ugradylandygyny aýtdy.

Premýer-ministriniň orunbasary ýene-de goşmaça üç sany zawodyň guruljakdygyny belledi. Olar ýylda kuwwaty 500 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bolan zawod, tehniki gaz öndürýän zawod we benzin üçin oktan güýçlendiriji goşundylary öndürýän zawoddyr. Ýylda 57 müň tonna benzin üçin oktan güýçlendiriji goşundylary öndürmäge mümkinçiligi bolan zawodyň şu ýyl gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyla çenli ýene-de iki sany nebithimiýa taslamasynyň, ýagny ýylda 430 müň tonna kuwwatlylygy bolan polietilen teraftalat (PET) önümçilik desgasynyň we ýylda 130 müň tonna kuwwatlylygy bolan metanol önümçilik desgasynyň durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle hem, Roman Sklýar IHS, “McKinsey” we BCG ýaly birnäçe halkara kompaniýalary tarapyndan tassyklanan nebithimiýa önümlerine durnukly global islegleriniň bardygyny nygtady.

“Analitikleriň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli polipropilene bolan isleg ýylda 100 million tonna deň bolup, dünýäniň bar bolan üpjünçiligi göz öňünde tutulsa, önümçilik ýylda 90 million tonna barabar bolar. Dünýäde polietilene bolan isleg ortaça 4% ösýär we ýylda 160 million tonna barabar bolar. Global islegiň ösüş hereketlendirijileri Hytaý, Koreýa we Ýaponiýa ýaly Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bolar. Diňe Hytaýyň özünde 2037-nji ýyla çenli polipropilene we polietilene bolan isleg 40 million tonna çenli ýokarlanar” diýip R.Sklýar sözüni jemledi.

Gazagystanyň Mangystaw oblastynda şu ýylyň mart aýynda täze ägirt uly nebit-gaz ýatagy tapyldy. Ýatakdaky nebitiň düzümi az kükürt mukdary bilen tapawutlanýar. Bu bolsa onuň gaýtadan işlenilmegini we daşalmagyny aňsatlaşdyrýar.

2022