Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişi ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişi ýokarlandy
2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzda şöhlat önümleriniň önümçiligi 24,4% ýokarlandy.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan hususy we döwlet pudaklarynda hereket edýän gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň we täzelerini açmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegi düýpli ýokarlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzda azyk önümçiligi, ýagny şöhlat önümleri 24,4%, süýt önümleri 12,7%, mesge 23,9%, ösümlik ýagy 23,7%, konditer önümleri 12,5%, mineral suwlar we içgiler 49,4% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjowa hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, TSTB-ne degişli kärhanalaryň işine gözegçilik etmegiň, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

2022